Türkmenistanyň tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gurnan «Türkmenistanyň tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda» atly sergisiniň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

«Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we ösüp gelýän nesle miras goýmalydyrys».

Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň bileleşigi bilen birlikde her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belläp geçýär. Bu BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan möhüm seneleriň biridir.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ekologiýa, tebigaty goramak meselelerine dünýä möçberinde uly üns berilýär. Biziň ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ekologiýa bilen bagly meseleleriň çözülmegi barada aladalanyp, tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň biri bolup goşuldy. Şolaryň arasynda «Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji ylalaşyk», «Biologiýa dürlüligi baradaky ylalaşyk», «Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena ylalaşygy», «Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal beýany» we başgalar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi mynasybetli Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamagy giň halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistanyň tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda» atly sergi gurnady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda biziň ýurdumyzda duş gelýän täsin tebigy ýadygärlikler barada ýazýar we olaryň täsin owadanlygyny beýan edýär.

«Türkmen tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda» atly sergide Türkmenistanda ýerleşýän täsin tebigy ýadygärlikleriň fotosuratlary görkezilýär. Olaryň arasynda iň bir täsinleri bolan Hojapil gerşindäki dinozawrlaryň, Gäwürlidäki gadymy bir örküçli düýäniň aýak yzlary, Garlyk gowaklary, Kyrkgyz köwegi, Ýeroýulanduz çöketligi, Amyderýanyň tokaýlyklary, Gökdere jülgesi, Arnap tokaýjygy, seýrek pisse tokaýlygy, Aý daglary ýaly ýadygärlikler görkezilýär. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny suratlandyrýan türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan peýzaž halylar, suratkeşleriniň tebigatyň gözelligini wasp edýän nakgaş eserleri hem sergä aýratyn öwüşgin berýär.

Serginiň dowamynda «Türkmenistanyň aýratyn goralýan ýerleri» atly karta, ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň we ösümlikleriň gäplerini hem-de fotosuratlary, guradylan ösümliklerden taýýarlanan ikebana eserlerini, tebigaty goramak bilen baglanyşykly kitaplary hem-de žurnallary görmek bolýar.