Çagalar – dünýäniň gülleri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gurnan «Çagalar – dünýäniň gülleri» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň ählisini 2018-njy ýylyň 1-nji iýunynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

«Bu halkara baýram Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine Türkmenistanyň ygrarlydygyny, ýaş nesiller barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orny eýeleýär».

Çagalary goramagyň halkara güni 1950-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri her ýyl bellenilip geçilýär. Bu günüň bellenilmegi 1949-njy ýylyň noýabrynda Zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň Pariždäki çözgüdi bilen esaslandyryldy. Çagalary goramagyň güni Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri bellenilýär. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň durmuşynyň hilini we bilimini gowulandyrmak üçin Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Jarnamasyna, şeýle-de çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy.

Bagtly çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda nesilleriň şu güni, hem-de geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip, öz ata Watanyna bolan söýgi-buýsanjyny has artdyrýar.

Ýurduň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin biziň ýurdumyzyň ýaş nesilleri durmuşda diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, olar ruhy we beden taýdan hem sagdyn ösýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kararynyň biri bilimi kämilleşdirmek, şonuň bilen birlikde aspiranturany, ýokary okuw mekdepleri, orta-hünärmentçilik we orta bilim berýän mekdepleri düýpgöter özgertmek hakynda bolmaklygy tötänden däldir. Sagdyn ýaşaýyş durmuşyny ornaşdyrmak we oňa çagalary ýaşlykdan uýgunlaşdyrmak üçin çagalar baglarynda, mekdeplerde zähmet, sport we aýdym-saz gurnaklary hereket edýär. Çaga maşgalada näçe söýgi, alada, üns, bilen gurşalsa, onuň geljekde nähili adam bolup ýetişjekdigini durmuş aýdyň görkezýär.

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Şonuň ýaly çäreleriň her ýyl geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde çagalaryň surat bäsleşigi geçirilýär, şonuň ýaly-da «Çagalar – dünýäniň gülleri» atly sergi gurnalýar. Bu sergide çagalaryň çeken suratlary hem-de belli suratkeşleriň çagalar dünýäsine bagyşlanan sungat eserleri görkezilýär.