Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde

 

«Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat» atly sergi gurnaldy.

 

2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat» atly baýramçylyk serginiň dabaraly açylyşy boldy. Baýramçylyk çärämize TYA-nyň hünärmenleri, tanymal alymlary, döredijilik adamlary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinden başlap milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Ak mermerli paýtagtymyzyň ösmeginde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly tagallasy bar.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ak şäherimiziň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat – ajaýyplygyň şäheri.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp «Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat» atly sergi gurnaldy. Dabarany Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Soňra Türkmenistanyň gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeýsi, şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeýsi Sarahs Babaýew, TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Binagärlik we gurluşyk institutynyň «Amaly mehanika» kafedrasynyň dosenti Gurbangeldi Gylyçdurdyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgärleri, Türkmen döwlet Binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.