Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gurnalan «Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 15:00-da çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Mähriban paýtagtymyzyň şanyna biz täze baýramy – Şäheriň gününi döretdik. Bu baýram Aşgabadyň hakyky keşbini öz elleri bilen döredýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, watandaşlarymyzyň ählisiniň baýramydyr.
Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinden başlap milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Ak mermerli paýtagtymyzyň ösmeginde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly tagallasy bar.
Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ak şäherimiziň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat – ajaýyplygyň şäheri.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaý-nazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirkizaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp «Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Esasy orun hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly gymmatlyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden “Garaşsyzlyk binasy”, “Aşgabat binasy”, “Ak şäherim Aşgabat” ýaly ajaýyp el halylary serginiň görküne has hem görk goşýar. Şeýle-de, bu ýerde şäherimiziň gözel binalarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň birnäçesiniň fotosuratlaryny synlamak bolýar. Ýazuw çeşmeleri gaznasyna degişli fotosuratlaryň esasynda Aşgabat şäheriniň öňki we häzirki durkuny özara deňeşdirmek mümkin. Olary synlan mahalyň Aşgabadyň bedew bady bilen öňe ilerleýänligine aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabat bu gün Garaşsyz Watanymyzyň nury, orta Aziýanyň merjen şäheri, mähir mekany hasaplanylýar.