“Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy”

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly geçirilýän arheologik sergisi mynasybetli Türkmenistandaky Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2018-nji ýylyň 19-njy maýynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Çärä gatnaşan myhmanlara dürli dillerde ekskursiýa berildi.

Soňra Nury Halmämmedowyň, Lýudwig wan Bethoweniň, Frederik Şopeniň, Baýram Hudaýnazarowyň hem-de Mendelsonyň döreden eserleri Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda doglan, 19 ýaşly Şaislam Komiljanow sazçylyk mekdebinde fortepiano ugrundan 2008 – 2017-nji ýyla çenli bilim alýar. 2015-nji ýylda ýaş pianinoçylaryň milli bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolýar. Ol 2017-nji ýyldan başlap, Daşoguz şäheriniň Magtymguly Garlyýew adyndaky sazçylyk mekdebinde fortepiano ugrundan halypa – mugallym Barno Mämmedowanyň şägirdi bolýar.