Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Baş kanunym, ýaşyl baýdagym – halkymyň goşa buýsanjy» atly sergisi gurnaldy.
Watanymyzyň durmuşynda 18-nji maý döwlet derejesinde bellenýän şanly baýramçylyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hökmünde bellidir. Bu goşa baýramçylyk her bir ynsanyň durmuşynyň bagtyýarlygynyň many-mazmunyny şöhlelendirýär. Döwlet Baştutanymy-zyň öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň toplumynda döwletliligiň esasy alamaty bolan Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi we bu işe ähli raýatlaryň işjeň gatnaşmagy türkmen jemgyýetiniň ösüşe ukyplydygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň gönezliginde ynsanperwerligiň, adama hormatyň we söýginiň bardygyny buýsanç bilen bellemek bolar.
Ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe baryp, barha ýokary sepgitlere ýetmek bilen, dünýäde garaşsyz ösüşiň täsin nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar. Asuda we parahat asmanda belentden parlaýan ýaşyl tugumyz beýik işlere galkyndyrýan, köňüllere ylham-joşgun berýän milli gymmatlygymyzdyr. Baýdak her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny görkezýän mukaddes nyşandyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Baş kanunym, ýaşyl baýdagym – halkymyň goşa buýsanjy» atly sergi gurnaldy. Dabarany Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Мejlisiniň deputaty S.Süleýmanow, “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr A.Hojanyýazow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň dil edebiýat taryh we pedagogik ylymlar bölüminiň müdüri, filologiýa ylymlarynyň kаndidaty alym M.Tuwakow, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň zenanlar guramasynyň başlygy B.Gaýypnazarowa, “Türkmenistan” gazetiniň uly habarçysy şahyr Y.Tagan, “Ahal durmuşy” gazetinden bölüm redaktory şahyr D.Aşyrowa, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň wekili K.Agaýew, Ulag we aragatnaşyk institutynyň uly mugallymy G.Agaýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekili A.Illekowa çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Içeri Işler institutynyň talyplary, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplary, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri, welaýat muzeýleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň işgärleri, Aşgabat şäheriniň № 133-nji orta mekdebiniň okuwçylary myhman hökmünde gatnaşdylar.