Primary tabs
2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Belent sarpaly – Watan gahrymanlary» atly baýramçylyk serginiň dabaraly açylyşy boldy. Baýramçylyk çärämize ýurdumyzyň uruş weteranlary, tanymal alymlary, döredijilik adamlary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Türkmenistanyň etnografiýasy” ylmy-barlag bölüminiň müdiri Amanberdiýewa Enebaý açdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň il sylagly ýaşulysy Annaberdi Mämikow, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň terjimeçisi, Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy Atajan Tagan, Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepow, “Edebiýat we sungat” gazediniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň ylmy barlag-tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri Sahy Şadurdyýew, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Annamuhammet Kirşenow, Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy Gülşirin Agaýewa, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň wzwod serkerdesi–terbiýeçi kapitan Şamyrat Kürräýew çykyş etdiler.
1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hatyrasy biziň ýurdumyzda belent tutulýar. Bu gahrymançylykly ýyllaryň wakalary adamlaryň aňlarynda, ýüreklerinde baky saklanýar. Çünki bu söweşde gahryman gerçeklerimiz – edermen pederlerimiz adamzady halas etmäge bimöçber uly goşant goşdular. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda Beýik Ýeňişiň 73 ýyllyk gününe bagyşlap «Belent sarpaly – Watan gahrymanlary» atly sergi gurnaldy. Şanly senä bagyşlanan sergimizde çykyş edenler 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen gutlap, bu uruşda geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda söweşen we gahrymanlarça wepat bolan esgerleriň şu günki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň, mertligiň hem-de watansöýüjiligiň belent nusgasydygyny nygtadylar. Şeýle hem dabarada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň asuda, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy hakynda buýsançly gürrüň edildi. Baýramçylyk çärämiz tamamlanandan soňra, sergä gatnaşan uruş weteranlaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.