Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Belent sarpaly – Watan gahrymanlary» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.
Ynsan mertebesini belentde saklamak, Watan, il-ýurt üçin şirin janlaryny gurban eden gerçekleri hatyralamak halkymyzyň iň ajaýyp dessurlarynyň biridir. 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyp, mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlary şeýle uly hormata mynasypdyr.
Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda öz janyny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşleriň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.
Watan gerçekleri bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Arkadag Prezidentimiz häzirki döwürde Watan üçi,n söweşip, ýalynly ýyllaryň içinden geçen, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen ýaşuly nesillerimiziň uly hormat-sarpa, hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmalydygyny nygtaýar. 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna her ýylda ýurdumyzda ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär. Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna ýurdumyzda uly sarpa goýulýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda Beýik Ýeňişiň 73 ýyllyk gününe bagyşlap «Belent sarpaly – Watan gahrymanlary» atly sergi gurnaldy. Serginiň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti hem-de atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi, şonuň ýaly-da, onuň atasyna bagyşlan «Älem içre at gezer», «Watanyň wepaly ogly», «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» ýaly birnäçe eseri ýerleşdirilipdir. Ondan başga-da, sergide 1941 – 1945-nji ýyllarda tylda zähmet çeken türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin kümüş bezeg-şaýlary, ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran, şonuň ýaly-da, söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny şöhlelendirýän dokumental fotosuratlary, bu urşa gatnaşyp, edermenlik görkezen gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gahrymanlaryň belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretlerini, uruşda gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallary synlamak mümkin. Şeýle-de, witrinalarda muzeý gymmatlyklary bolan kümüş bezeg şaýlarynyň we ýyly egin-eşikleriň görnüşleri görkezilýär. Sergide 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby eşigi we başga-da birnäçe esger esbaplary hem görkezilýär. Serginiň görnükli ýerinde bu uruşda wepat bolan türkmenistanly esgerler baradaky maglumatlary öz içine alýan «Hatyra» kitaplary goýlupdyr. Şonuň ýaly-da, ussat suratkeşlerimiziň 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşuna degişli eserleriniň, plakatlaryñ we şygarlaryñ birnäçe görnüşi bilen tanyşmak mümkin.