Primary tabs
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan „Şöhratly bedew – eziz Watanymyzyň ganaty“ atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal atşynaslary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri E.Amanberdiýewa açdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyga uly üns berýär, atçylygy ösdürip döwlet syýasatynyň möhüm meselesi derejesine çenli ýokary göterip, onuň permanyna laýyklykda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň at çapdyrmak däbi täze öwüşginler bilen dowam etdirilýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Döwletimizde at çapyşyklaryň möwsümleýin çäreleri , atly sport ýaryşlary, atly ýörüşler köp sanly muşdaklaryň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýlarda geçirilýär. Türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty sagdyn, ruhubelent nesilleri kemala getirmekde ygtybarly çeşmedir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan „Şöhratly bedew – eziz Watanymyzyň ganaty“ atly serginiň dabaraly açylşynda türkmen bedewleri barada seýisler, çapyksuwarlar we döredijilik adamlary örän gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler. Bu duşuşykda „Diýar“ žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletmyrat Nuryýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň atçylyk sport toplumyndan Hudaýberdi Goçmyradow, Oguzhan adyndaky Türkmen film birleşiginiň başlygy Ýazmyrat Şadurdyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Toýly Çaryýew çapyksuwar, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Baba Babaýew çapyksuwar, „Garagum“ žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, „Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak“ žurnalynyň bölüm redaktory Jumaberdi Artykow, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň mugallymy Aýnabat Osmanowa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň atçylyk sporty, ýeňil atletika, gimnastika we suwda ýüzmek kafedrasynyň mugallymlary Merdan Kasymow we Rejepgeldi Hojanepesow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti muzeýiniň işgärleri myhman hökmünde çagyryldylar.