Primary tabs
2018-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Döwlet muzeýi we Magtymguly adyndaky Halkara baýraklar baradaky komiteti bilen bilelikde gurnalan “Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanşykly türkmen halk senetçiligi”atly okuw maslahatynyň we onuň çäginde şol at bilen serginiň dabaraly açylyşy boldy.Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýurdumyzyň milli mirasyny, türkmen hojalygyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýän täsirli ekspozisiýasy adamlaryň höwes bilen synlaýan ýerleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren syýasatyndan ugur alyp, türkmeniň baý milli mirasyny,wagyz etmek, öwrenmek, gorap saklamak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Muzeýde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary, döredijilik adamlary bilen yzygiderli duşuşyklar, sergiler we ylmy-amaly, okuw maslahatlar geçirilýär. Bu günki okuw maslahaty hem-de sergi munuň nobatdaky subutnamasydyr. “Beýik ýüpek ýoly bilen baglanşykly türkmen halk senetçiligi” ady bilen geçirilen okuw maslahaty we onuň çäginde şol at bilen sergi gurnalmagy, türkmen halkynyň halk senetçiliginiň amaly haşam sungatynyň birnäçe görnüşlerini, ýagny haly sungatyny, keçeçiligi, zergärçilik sungatyny, dokmaçylyk sungatyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi, türkmen halk senetçiligi barada alymlar, döredijilik adamlar örän gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler, diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda nygtady. Soňra duşuşykda filоlogiýa ylymlarynyň kandidaty T.Hapyzowa, taryh ylymlarynyň kandidaty H.Gurbanow, taryh ylymlarynyň kandidaty M.Öwülýägulyýew, Alp-Arslan adyndaky milli drama teatrnyň bölüm müdiri M.Mämmetgurbanow, taryh ylymlarynyň kandidaty M.Annanurow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Janmämmedowa, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory N.Annamuhammedowa, Ylymlar Akademiýasynyň kitaphanasynyň uly ylmy işgäri G.Kakaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat bölüminiň müdüriniň orunbasary G.Annamyradowa, “Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory A.Ýaýlymowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri A.Nyýazowa çykyş etdiler.