Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gurnalan “Şöhratly bedew-eziz Watanymyzyň ganaty” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde sagat 10:00 çagyrýar.
Halkymyzyň geçmişini hem, şu gününi hem atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyga uly üns bermeginiň, atçylygy ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm meselesi derejesine çenli ýokary götermeginiň, onuň permanyna laýyklykda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedеwiniň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmeginiň aňyrsynda uly many bar. At türkmen halkynyň barlygynyň alamaty. Ol türkmen seýisleriniň döredijiliginiň miwesi bolan ilkinji iň ýyndam ulag. Türkmenler ýyndam atlarynyň kömegi bilen uly döwletleri gurdylar, dünýäniň ösüşine öz täsirlerini ýetirdiler. Ata-babalarymyz belli bir derejede hut atlarynyň arkasyndan taryhyň akymyndan yza galmandyrlar, hatda taryhyň belli bir döwürlerinde ondan öňe düşmegi-de başarypdyrlar.
Taryhyň bütin dowamynda at türkmenleriň durmuşynda örän möhüm orun eýeläp gelipdir. At dünýäniň taryhynda ilkinji gezek türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň zamanynda eldekileşdirilip, onuň jeň meýdanlarynda gazanan ýeňişleriniň girewine öwrülipdir.
Atlaryň ilkinji bolup oguzlar-türkmenler tarapyndan eldekileşdirilendigi bu günki günde şek-şübhe döretmeýär. Marguşdan eldekileşdirilen atlaryň arheologiýa ylmynda belli bolan iň gadymy süňkleriniň tapylmagy munuň aýdyň delilleriniň biridir. Taryhdan belli bolşy ýaly, arassa ganly türkmen bedewleri indi bäş müň ýylyň dowamynda nusgalyk atlar saýylýar. Ahalteke bedewleriniň adamlar bilen ysnyşykly bolmagy, olaryň eýesine bolan wepasy barada gadymy rowaýatlarda, taryhy eserlerde giňden beýan edilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň at çapdyrmak däbi täze öwüşginler bilen dowam etdirilýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Döwletimizde at çapyşlyk baýramçylyklar, atly sport ýaryşlary, atly ýörüşler köp sanly at söýüji muşdaklaryň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýlarda geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda atçylyk sporty giň gerim bilen ösdürilýär. Türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty sagdyn, ruhubelent nesilleri kemala getirmekde ygtybarly çeşmedir.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Şöhratly bedew – eziz Watanymyzyň ganaty” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Onda muzeý gaznalaryndan çykarylan milli saz gurallary, dokumental fotosuratlar, ýyndam bedewlerimiziň halyda çitilen keşpleri, suratkeşleriň ajaýyp eserleri, gadymdan miras galan at ýapynjalary, gamçy, at şaýlarynyň toplumy, haly önümleri bilen dowam edýär. Zergärlerimiziň baýramçylyk sergisinde orun alan eserlerinde ganatly bedewlerimiziň dürli şekillerini synlamak bolýar.