Primary tabs
2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly amaly maslahat Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Maslahata 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem-de birnäçe halkara sport bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan türkmen türgenleridir ussat tälimçiler, paýtagtymyzda ýerleşýän Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary, döredijilik wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy we golaýlap gelýän Halkara saglyk güni bilen ýygnananlary gyzgyn gutlady. “Her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden baýram edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda bu baýramçylyk ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň yhlasly aladasy bilen ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça köp işler alnyp barylýar. Obadyr şäherlerimizde, mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda döwrebap sport desgalary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, tennis kortlary gurulýar.” diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy çykyşynda nygtady.
Soňra maslahatda tanymal sport türgenleri we tälimçileri çykyş etdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň milli adaty karate federasiýasynyň başlygy, gara guşagyň 6-njy danynyň eýesi, halkara derejeli emin Hangeldi Hojaýew, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy Atahanow, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýahaty ministrliginiň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçisi, guşakly göreş boýunça tälimçi mugallymy, Şa serpaýynyň eýesi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hemra Nurmämmedow, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady, halkara derejeli sport ussady Dinara Hallyýewa we Türkmenistanyň at gazanan sport ussady, guşakly göreş boýunça halkara derejeli sport ussady Laçyn Badagulyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, woleýbol boýunça sport ussady Döwran Garlyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri Mekan Nurjykow we Didar Meredow.
2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi we onda ýurdumyzyň ýygyndysy umumy toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny eýeläp, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medallary, jemi 245 medal gazanmagyň hötdesinden geldiler.
“Bu ýeňişleriň gözbaşynda türkmen sportunyň hakyky howandary hormatly Prezidentimiziň yhlasly aladasy dur. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaçlyklara beslensin!” diýip, çykyş edenler nygtadylar.
“Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Orazdurdy Atahanowyň okap beren goşgulary maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Ol şygyrlarda Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty ösdürmekdäki taýsyz tagallalary, ruhubelentligiň gözbaşy bolan sagdyn durmuş ýörelgesi çeper şahyranalyk bilen wasp edilýär.
Soňra maslahata gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň sergi zallaryndaky sporta we bedenterbiýä bagyşlanan gymmatlyklar bilen tanyşdylar.