SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly amaly maslahata gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde sagat 15:00 – da myhmançylyga çagyrýar.

         Her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden baýram edilýär. Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýär.

            Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça köp işler alnyp barylýar. Obadyr şäherlerimizde, mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport desgalary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, tennis kortlary gurulýar. Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, buzda typmak, sportuň suwdaky görnüşleri işjeň ösdürilýär.

            Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, ony işjeň wagyz edýän döwlet ýolbaşçysy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşlerinde ýokary ussatlyk görkezmegi uly görelde mekdebi hökmünde türgenlerimizi şanly ýeňişlere ruhlandyrýar.

            Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji – “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda” paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde „Aziada-2017-niň“ oýunlary geçirildi. „Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk“ şygary bilen geçirilen Oýunlara Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda Okeaniýa döwletleriniň 17-sinden türgenler, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy sport toparynyň agzalary gatnaşdylar. Alty müňe golaý türgen sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdi. Umumy toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny eýelän Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 245 medal gazandy, onuň 89-sy altyn, 70-i kümüş, 86-sy bürünç medallardyr.

            Bu ajaýyp üstünligiň gözbaşynda bolsa, türkmen sportunyň hakyky howandary, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde we sportda taýsyz görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň yhlasly aladasy dur.

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly amaly maslahaty guraýar. Maslahata „Aziada-2017-niň“ hem-de birnäçe halkara sport bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan tanymal we ýaş türkmen türgenleridir ussat tälimçiler, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän döredijilik wekilleri gatnaşýarlar.