Türkmenistanda guşlaryň köpdürliligi

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Guşlaryň halkara güni mynasybetli gurnan “Türkmenistanda guşlaryň köpdürliligi” atly sergisiniň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 30-njy martynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, onuň biologiki baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda, gorap saklamakda her bir raýatyň watançylyk duýgusynda ekologiki sowatlylygyny ýokarlandyrmak syýasatyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi daşky gurşawy goramak meselelerine bagyşlap, ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary bilen yzygiderli duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we ylmy-amaly maslahatlary geçirýär.

Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň Halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy aýawly goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar we Ýeriň ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Guşlaryň Halkara güni mynasybetli 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Türkmenistanda guşlaryň köpdürliligi” atly sergini we ýurdumyzyň belli ornitolog alymlary bilen duşuşygy gurnaýar. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleriniň, olaryň ýumurtgalarynyň, höwürtgeleriniň, heýkelleriniň, suratlarynyň we haly pannolarynyň üsti bilen bu jandarlaryň köpdürliligi we owadanlygy görkezilýär. Ondan başga-da sergide guşlara degişli ylmy we ylmy-populýar kitaplar hem-de žurnallar sergide görkezilýär. Biziň ýurdumyzyň guş öwreniji alymlary diňe Türkmenistanda däl, eýsem köp ýurtlarda tanalýar. Olaryň portretlerini hem sergide görmek bolar.

Guşlaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda ABŞ-nyň Oýyl-Siti şäherinde bellenilýär we habar beriş serişdeleri arkaly bütin dünýäde giňden meşhurlyk gazanýar, soňra bu baýramçylyk Ýewropa aralaşýar hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär.

Türkmenistanda Guşlaryň gününi bellemegiň taryhy we olary goramak dünýä belli ornitolog – türkmen akademigi, Halkara tebigaty goramak birleşiginiň geňeş agzasy A.G.Rustamowyň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Tanymal alym ÝUNESKO-nyň Guşlaryň gününi bellemek pikirini goldaýar we Türkmenistanda hem bu güni her ýylyň 1-nji aprelinde bellemekligi teklip edýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary guşlary, daşky gurşawy goramak pikirleri wagyz etmekde Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda yzygiderli okuw maslahatlaryny hem-de çykyşlary gurap, uly işleri durmuşa geçirdiler.

A.E.Eýeberdiýewiň we ornitolog J.S.Saparmyradowyň ýolbaşçylygynda guşlary goramak işlerinde 1999-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň milli el guşçular jemgyýetiniň ähmiýeti hem uludyr. Bu jemgyýetiň işjeň agzalary ýyrtyjy guşlary goramakda we milli awçylyk däp-dessurlaryny aýawly saklamakda wagyz işlerini işjeň alyp barýarlar.

Guşlaryň gününiň ýazda bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýazda olar höwürtgeleýärler, köpelýärler, bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de biziň ýurdumyza gyşlamaga we türkmen topragynyň ýyly mährinden güýç-kuwwat almaga gelýärler.