Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi

 

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli guralan “Nowruz – gözelligiň we parahatçylygyň halkara baýramy” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal döredijilik we medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr kitaphana işgärleri we talyplar gatnaşdylar.

Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy we ýygnananlary golaýlap gelýän Milli bahar baýramy bilen gyzgyn gutlady. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz gününe gabatlap ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň diňe bir tebigatyň däl, eýsem ynsanlaryň we halklaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy, dost-doganlygy dabaralandyrýandygyny nygtady.

Nowruz baýramy her ýyl 21-nji martdan başlanýan Täze ýylyň resmi başlangyjy hökmünde Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Täjigistan, Yrak, Hindistan, Gyrgyzystan döwletlerinde hem-de beýleki sebitlerde giňden bellenilýär. Nowruz diýmekligiň özi “Täze gün” diýmegi aňladýar.

Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi, halkara ÝUNESKO guramasy tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymyýetden gözbaşly bu baýramy belleýän halklary, ýurtlary has-da ýakynlaşdyrdy.

Soňra dabarada TYA-nyň Etnografiýa we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebi-drama bölüminiň müdiri, ýazyjy Mämmetgurban Mämmetgurbanow, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Leýli Gurbanowa, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, TYA-nyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň uly ylmy işgäri Maral Sahatowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, TYA-nyň kitaphanasynyň uly ylmy işgäri Gültäç Kakaýewa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Dürjemal Çaňlyýewa, bu ýokary okuw mekdebiniň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülşirin Annamyradowa çykyş etdiler. Olar öz çuň manyly çykyşlarynda Milli bahar baýramyna milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan bedew batly özgertmeleriň, belent ruhy galkynyşyň özboluşly aňladylmasy hökmünde baha berdiler.

Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Diýarymyzyň okgunly ösüşini, bahar paslynda al-elwan gözellige beslenýän türkmen tebigatyny, golaýlap gelýän halkara Nowruz baýramyny wasp edýän goşgulardyr hoş owazly aýdym-sazlar ýaňlandy.

“Nowruz – gözelligiň we parahatçylygyň halkara baýramy” atly sergide ussat türkmen suratkeşleriniň eserlerine-de giň orun berildi. Olar öz eserlerinde türkmen topragynyň bahar paslynda läle-reýhana beslenişini nepislik bilen suratlandyrypdyrlar. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, türkmen gelin-gyzlarynyň bezeg şaýlary we häzirki zaman zergärçilik eserleri aýratyn orun tutýar. Nowruz baýramçylygynyň esasy milli tagamy bolan semeni hem-de ony taýýarlamakda ulanylýan gök maýsalar serginiň özboluşly bezegine öwrüldi.