Bagtyýar zamanyň türkmen gelin-gyzlary

 

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalan “Bagtyýar zamanyň türkmen gelin-gyzlary” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 2-nji martynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ösüşlere, rowaçlyklara we toýdur baýrama beslenýär. Baharyň gelmegi bilen, ýaşyl reňkli baýdagy buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär. Hormatly Prezidentimiz her ýyl bu baýramçylyk mynasybetli kümüş saçly käbelerimizi, baýdak boýly gelinlerimizi, eýjejik uýalarymyzy, çagalar bagynyň körpe gyzjagazlaryny, okuwçy we talyp gyzlarymyzy Şa serpaýy bilen begendirýär.

Halkymyz adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap, gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garapdyr. Geçmişde gelin-gyzlarymyz edermenlikde, pähim-paýhaslylykda erkek adamlardan pes oturmandyrlar. Olar dokaýan halylarynda, çekýän keşdelerinde halkymyzyň taryhyny özboluşly şekilleriň, nyşanlaryň üsti bilen şöhlelendirmegi başarypdyrlar we gadymyýetimizi şu günümize baglapdyrlar.

Beýik Ýüpek ýoly asyrlar boýy dünýä halklarynyň ykdysady durmuşyna, söwda işleriniň rowaçlanmagyna, olaryň medeni durmuşyna, sungatyň we çeper döredijiligiň baýlaşmagyna hem-de gülläp ösmegine uly täsir edip gelipdir.

Türkmen halkynyň baý hem özboluşly medeniýetinde milli senetçilik aýratyn orny eýeleýär. Ýüpekçilik we dokmaçylyk şolaryň hataryna degişli bolup, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Merkezi Aziýada ýüpekçiligiň has gadymy döwürlerde giňden ýaýrandygy taryhy hakykatdyr. Şol sanda türkmen halkymyz özüniň gaýtalanmajak milli aýratynlyklara eýe bolan ýüpek matalaryny dokapdyrlar. Keteni şolaryň naýbaşysy hasaplanýar. Älemgoşar öwüşginli reňbe-reň keteniden tikilen owadan milli lybaslarymyz gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşup, olara gaýtalanmajak millilik ruhuny çaýýar. Şu günlere çenli gelip ýeten milli egin-eşiklerimiz, gündelik durmuş bilen bagly däp-dessurlarymyz üçin hem gelin-gyzlarymyza, enelerimize, mamalarymyza minnetdar bolmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelin-gyzlarymyzyň çekýän zähmetine, alyp barýan köptaraply işine mynasyp baha berýär. Döwlet sylaglaryna eýe bolýanlaryň arasynda gelin-gyzlaryň köp duş gelmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp „Bagtyýar zamanyň türkmen gelin-gyzlary“ atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan zenan şaý-sepleri, halylaryň birnäçe görnüşi, ussat suratkeşlerimiziň eserleri hem-de häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde milli zenan lybaslarymyzyň gadymy nusgalaryda sergilendi. Nakgaşlaryň çeken eserlerinde bolsa, ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Sergide ýerleşdirilen zergärçilik eserlerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşleri wasp edilýär.