Primary tabs
2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynda tutýan orny” diýen at bilen ýurdumyzyň belli syýasatşynaslary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk, däp bolup gelşi ýaly, köp adamly boldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, tanymal syýasatşynaslar, döredijilik we medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy we duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gyzgyn gutlady. Ol öz çykyşynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny buýsanç bilen nygtady. Soňra dabarada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burynow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory Baýramdurdy Taýharow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Ejegyz Çaryýewa we DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Begenç Mätliýew çykyş etdiler.
Olar öz çuň manyly çykyşlarynda bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýan hemişelik bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu gün ähli ugurlarda ägirt uly taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we geljek nesillere ýetirmäge uly ähmiýet berilýändigi nygtadylar. Geçmişde türkmen halky goňşy we alys dünýä döwletleri bilen hoşmeýilli syýasy, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary işjeň alyp barypdyr. Dünýäde döwletliligiň nusgalyk ýoluny döreden türkmenler hakda “Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr” diýilmegi munuň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza gowşan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda halkymyzyň pähim-parasada ýugrulan syýasy-diplomatik tejribesi barada söhbet edilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň pajarlap ösmeginde uly ähmiýete eýe bolandygy barada gyzykly delillere esaslanýan söhbetdeşligiň dowamynda häzirki eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň täze, döwrebap görnüşde dikeldilýändigini bellediler. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen bu gün Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Muňa soňky ýyllarda amala aşyrylan halkara ulag geçirijileriniň taslamalary mysal bolup biler.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary talyp ýaşlaryň sowallaryna jogap berdiler. Duşuşykdan soňra myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine aýlanyp, bu ýerde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen tanyş boldular.