Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan ylmy–amaly maslahat we sergi

 

Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda–ykdysady, medeni gatnaşyklaryň pajarlap ösmeginde uly hyzmat bitiren Beýik Ýüpek ýoly Hytaýyň merkezi etraplaryndan gözbaş alyp gaýdyşyna, Orta we Alynky Aziýanyň üstünden geçip, Ortaýer deňzine çenli baryp ýetipdir. Kerwen ýollarynyň bu ulgamyny ilkinji bolup wenesiýaly jahankeşde Marko Polo “Ýüpek ýoly” diýip atlandyrypdyr. Ol Gündogar bilen Günbatary we Günorta bilen Demirgazygy birleşdirýän ýollaryň ulgamydyr. Hytaýdan gaýdýan kerwenler Aziýanyň uly derýasy Jeýhuna (Amyderýa) ýetmek üçin müňlerçe kilometr ýol geçmeli bolupdyrlar. Olar Jeýhun derýasyndan geçip, Amul şäherine gelipdirler. Häzirki döwürde şol şäheriň harabaçylyklary Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýär.

Amul şäheri söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Şol ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme we Merwe gidipdir. Amuldan Merwe çenli geçmesi kyn çägelikleri külterläp ýol aşmaly bolupdyr.

Merw diňe bir Ýüpek ýolunyň esasy merkezleriniň biri, daşary ýurt täjirleriniň ýygnanan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň özi hem söwda kerwenlerini düzüp, dürli ýurtlara iberipdir. Merwden çykan kerwenler Sarahsa, ondan aňryk Nişapura, Abiwerde, Nusaýa, Ferawa we has hem aňyrlygyna Dehistana barypdyrlar. Soňra olar Hazar deňziniň kenarlary bilen günorta tarapa gidip, arap ýurtlaryna baryp ýetipdirler.

Dehistan hemişe Hazaryň günorta–gündogaryndaky ýerleriň ep–esli bölegini öz içine alýan giň welaýatlar bilen ysnyşykly gatnaşykda bolupdyr. Horezm bilen arap ýurtlaryny baglanyşdyran halkara kerwen ýollarynyň biri Dehistanyň üstünden geçipdir.

Kuwwatly Parfiýa döwleti hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Bu bolsa onuň güýjüne güýç goşupdyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasynda hem Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini açyp görkezýän gymmatlyklar bilen tanyşmak mümkin. Muzeýde bu ugurda yzygiderli iş alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda bu ýerde ,,Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny” atly ylmy–amaly maslahat bolup geçdi. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň tutýan orny barada durup geçdi we şu okuw maslahatyna bagyşlanyp ýörite sergi gurnalandygyny habar berdi. Soňra ylmy–amaly maslahatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow, “Beýik Ýüpek ýoly şekillendiriş sungatynda”, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow “Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinide türkmen halkynyň täze eýýamdaky ösüşine esas bolýan ýörelgeler”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow “Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby gymmatly taryhy çeşmedir”, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy–barlag bölüminiň müdiri, binagärlik ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Hajyýewa “Beýik Ýüpek ýoly – parahatçylyk we dost–doganlyk ýoly”, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýew “Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ýaş nesle Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwretmekdäki orny we ähmiýeti”, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň guramaçylyk we wagyz işleri boýunça orunbasary Jennet Karanowa “Bürünç döwründäki medeni gatnaşyklarda sungatyň orny”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Geldimyrat Muhammedow “Nusaýda we Abiwertde ýaşan alymlar”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew “Asyrlary we nesilleri birleşdirýän ýol”, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy–usulyýet bölüminiň müdiri Mähri Atdaýewa “Altyndepe medeniýetiniň täsin gözellikleriniň başy”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri Kakajan Baýramow “Merw – Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen ähmiýetli şäher”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Akgözel Mukymowa “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” – mirasymyzy öwrenmekde gymmatly çeşme”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgäri Gültäç Kakaýewa “Türkmeni dünýä tanadan ýollar”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Enejan Altyýewa “Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky tebigy ýadygärlikleri döwlet muzeýiniň ekspozisiýasynda”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgül Ýusupowa “Berkarar türkmen döwletiniň medeniýeti”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa “Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistanyň metal sungaty”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni aň–bilim bölüminiň baş hünärmeni Ogulbagt Hojalyýewa “Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda rowaýatlar”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Jumanyýazowa we şol kafedranyň 5–nji ýyl talyby Merjen Orazgulyýewa “Türkmenistanyň şekilli halylarynda Beýik Ýüpek ýoluna berlen orun”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 5–nji ýyl talyby Bahar Magtymowa “Türkmen zergärleriniň döredijiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň waspy”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 5–nji ýyl talyby Gözel Annaýewa “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 4–nji ýyl talyby Bagtygül Hojageldiýewa “Beýik Ýüpek ýoly – binagärligiň binýady” atly temalar boýunça çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow ylmy–amaly maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara gyzykly hem peýdaly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

 Maslahata gatnaşyjylar soňra bu çäre bilen baglylykda gurnalan sergi bilen tanyş boldular.