Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10.00-da Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli gurnalan “Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10.00-da Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli gurnalan “Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny” atly okuw maslahatyna we oňa bagyşlanyp gurnalan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini myhmançylyga çagyrýar.

 

Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny

 

Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýoly aýratyn orna eýe bolmak bilen, merdana halkymyzyň orta asyrlardaky uzak we şanly taryhyny bezeýär. Hut şu eýýamda söwdanyň we hyzmatdaşlygyň girewi bolan bu ýol Gündogaryň hem-de Günbataryň halklarynyň ykbalynda oňyn hyzmaty bitiripdir. Türkmenistan bu söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, halklaryň arasynda, sebitde parahatçylygyň gülläp ösmeginde uly orna eýe bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynda adalatlylyk bilen belleýşi ýaly, türkmen topragyndan geçýän kerwen ýollarynyň bütin ugrunda ençeme kerwensaraýlar gurlupdyr, türkmen iline gadam basan kerwenleriň howpsuzlygy üpjün edilipdir, kerwensaraýlar gadymy Amuldan başlap, Merwdir Sarahs bilen Änewiň aralygyny, ondan aňryk Nusaýdan Dehistana çenli menzili, şeýle hem, Daşoguzyň gadymy topragyny bezäpdir.

Hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen yklymara söwdanyň, medeni gatnaşyklaryň pajarlap ösen orta asyrlar döwri diýseň gyzykly döwürdir.

Orta asyrlarda Merw, Gürgenç, Abiwerd, Nusaý, Dehistan ýaly şäherler senetçilik, söwda merkezlerine öwrülipdir. Bu şäherleriň üstünden Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Ýewropa ýurtlaryny özara birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Horasanyň we Horezmiň şäherlerinde ajaýyp binagärçilik eserleri bolan kerwensaraýlar, metjitler, köşkler we kümmetler gurlupdyr.

Bu döwürde medeniýet hem gülläp ösüpdir. Gaznalarynda müňlerçe kitap bolan uly-uly kitaphanalaryň gurulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Merwde we Gürgençde dünýä belli alymlar we şahyrlar ýaşap geçipdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Gürgenç, Merw, Dehistan şäherleriniň Ýewropa bilen Aziýa arasynda araçy bolup hyzmat etmekleri söwdanyň, sungatyň, medeniýetiň ösmegine ýardam edipdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli geçirilen “Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny” atly okuw maslahatyna bagyşlanan sergi gurnaldy. Sergini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti, aýdan sözleri, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby, halkymyzyň taryhy bilen baglanyşykly dürli kitapalar, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärliklere bagyşlanan suratkeşlik eserleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikler, Beýik Ýüpek ýolunyň karatasy, ulag ulgamy bilen baglanyşykly haly-pannolar, kompozisiýalar, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar, bu ýadygärlikleriň fotosuratlary we beýleki muzeý gymmatlyklary bezeýär.