Primary tabs
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Watany goramak, harby taýýarlygyň hilini gowulandyrmak ugrunda janlaryny aýamaýan türkmen serkerdeleri we esgerleri bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özleri barada edýän aladasyny, halkymyzyň özlerine bolan guwanjyny aýdyň bir şekilde duýýarlar.
Türkmenler taryhyň bütin dowamynda özlerini ugurtapyjy, batyr, gaýduwsyz söweşijiler hökmünde tanadyp gelipdirler. “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarymyzy alyp görsek hem, “Ýusup-Ahmet”, “Döwletýar” ýaly dessanlarymyzy alyp görsek hem, baş gahrymanlaryň ilkinji nobatda batyr serkerdeler hökmünde öňe çykýandyklaryny görýäris. Halkymyzyň wekilleriniň geçmişde onlarça döwleti gurmaklarynda, olaryň dowamlylygyny üpjün etmeklerinde batyr söweşijilerimiziň uly paýy bar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem harby güýçlerimiziň maddy üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna, serkerdelerimiziň hem esgerlerimiziň watançylyk rununda terbiýelenmegine, olaryň söweşjeňlik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Türkmen harbylary gije-gündiziň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, asudalygyny, berkaralygyny gözleriniň göreji ýaly goramaklaryny dowam edýärler.
Türkmen serkerdeleri we esgerleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilýän çärelere, dabaralara yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Olar bu ýerde 2018-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp gurnalan “Watan goragy mukaddesdir” atly serginiň açylyş dabarasynyň hem esasy myhmanlarydy. Dabarany Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady we Watany goramagyň ähmiýeti barada gysgaça söz sözledi. Soňra dabarada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky metbugat merkeziniň habarçysy, şahyr Ejegyz Çaryýewa, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Hydyrguly Wahanow, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, «Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory Leýli Gurbanowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň wzwod serkerdesi-terbiýeçisi kapitan Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Öwezgeldi Gylyçtaganow dagy çykyş edip, türkmen serkerdeleriniň we esgerleriniň geçmişde görkezen gahrymançylyklary, Watany goramagyň, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti hakda giňişleýin gürrüň etdiler. Şahyrlar bolsa goşgy okap, göwünleri galkyndyrdylar. Dabara harby gullukçylar, esgerler we harby talyplar myhman hökmünde gatnaşdylar.
Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen dabarada çykyş edenler we oňa myhman hökmünde gatnaşanlar gymmatly muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.