Primary tabs
2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä arheologlar, taryhçylar, binagärler, dikeldiş hünärmenleri, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksady milli taryhy-medeni mirasymyzdyr ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmek, olaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek, dikeldiş we gözegçilik işlerinde toplanan öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy we sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirilip, taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň döwlet syýasatyndaky ähmiýetine we şu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işlere aýratyn üns bellenip geçildi.
Maslahatyň dowamy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdi. Maslahata gatnaşyjy myhmanlara muzeý hünärmenleri tarapyndan örän täsin arheologiýa gymmatlyklarynyň saklanýan ýeri bolan taryhy ekspozisiýa zalyna gezelenç gurnaldy. Gatnaşyjylar ýadygärlikleri goramakda hukuk kadalarynyň ulanylyşy, ýerlerde gözegçiligi güýçlendirmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly muzeý işi hakynda gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar şeýle ylmy-amaly duşuşyklaryň hünärmenleriň özara tejribe alyşmagynda, taryhy mirasymyzdyr gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere asyl durkuny üýtgetmän ýetirmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler.









