Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly 2026-njy ýylyň 2-6 sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty hem-de onuň bilen bagly ugurdaş çäreler geçirildi. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň “Pilbergen” atçylyk sport toplumynyň pawilýonynda ýurdumyzyň pudaklarynyň, ministrlikleriň sergileri sergilendi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň pawilýonyna gelen myhmanlara arheologik tapyndylaryň nusgalarynyň taryhy, naýbaşy ahalteke bedewlerimize bagyşlanan amaly-haşam sungatyna degişli eserleri, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Daşary ýurtly myhmanlar iňlis, rus, türk, fransuz dillerinde sorag-jogap alyşyp, käbir täsin gymmatlyklaryň üstünde aýratyn durlyp geçildi we olarda behişdi bedew atlar barada gyzyklanma döredi. Sergide milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimize bagyşlanan häzirki zaman nakgaşçylyk eserleri, ussat çapyksuwarlaryň, seýisleriň fotosuratlary, ahalteke bedewlerimiziň keşbi suratlandyrylan şekilli halylary, ondan başga-da at esbaplarynyň gadymy görnüşleri bolan at ýapynja, at keçe, at torbasy ýaly muzeý gymmatlyklary serginiň has hem gymmatyny artdyrdy. Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniniň gatnaşmagy türkmen-niderland gatnaşyklarynyň ýürekdeş ýakynlygyny, köpugurly ösdürilýändigini hem-de dostlugyň barha berkäp, täze derejelere çykýandygyny subut etdi.