«ÇAGA – NESIL DOWAMATY»

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çaga – nesil dowamaty» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda guralan bu sergä halkymyzyň nesil terbiýesine möhüm ähmiýet berýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Sergi özüniň sap döredijilikli, ylmy-pelsepewi we gürrüňdeşlik häsiýeti bilen aýratyn tapawutlandy. Serginiň çäginde guralan döredijilik duşuşygynda çykyş edenler çaganyň nesil dowamatyndaky we jemgyýetdäki orny, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan nesil ýetişdirmek ýörelgeleri dogrusynda gaty gyzykly söhbet etdiler. Mähriban enelerimiziň hüwdülerinden başlanýan asylly terbiýe mekdebiniň atalaryň durmuş tejribesi bilen utgaşyp, bütin taryhyň dowamynda kämil nesilleri kemala getirendigi bellenildi. Çykyşlarda türkmen maşgalasynda çaganyň dünýä inmesiniň ojagyň nesil daragtynyň täze bir şahasynyň ýaýramagyny we kowmunyň dowamatyny aňladýandygy, şol sebäpli hem perzendiň her bir maşgala, hatda bütin döwlet üçin iň uly gymmatlydygy nygtaldy. Myhmanlaryň täsirli çykyşlary sergide görkezilen taryhy eksponatlar bilen has-da aýdyňlaşdy. Sergä gelen myhmanlar geçmişde çaga dünýäsiniň nähili inçelik bilen bezelendigini görkezýän XIX–XX asyrlara degişli bolan çaga şaý-sepleri bilen tanyşdylar. Eneleriň öz çagalaryny gözden-dilden goramak, olara saglyk we bagt arzuw etmek üçin ýörite ýasatdyran bu şaý-sepleri milli zergärçilik sungatynda hem çagalara goýulýan çuňňur sarpany açyp görkezýär. Şeýle hem ýazuw çeşmelerinden we gadymy arhiw resminamalaryndan alnan seýrek fotosuratlar arkaly taryhyň dürli döwürlerinde türkmen çagalarynyň durmuş şertleri, oýunlary we maşgala gatnaşyklary baradaky gymmatly maglumatlar sergä gelen myhmanlara ýetirildi. Mundan başga-da, sergide ýerleşdirilen sowgatlyklar gaznasyndan milli çaga egin-eşikleri myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Eneleriň ýürek mähriniň we çeper elleriniň nagşa öwüren gadymy çaga köýnekleri, tahýalar hem-de donjagazlar reňkleriň özboluşly dünýäsini emele getirdi. Serginiň açylyşynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesliň sagdyn, sowatly, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenildi. Bu täsirli medeni-çäre diňe bir taryhy gymmatlyklaryň görkezilýän ýeri bolman, eýsem eneleriň hüwdüsinden başlap, mertlik we edermenlik mekdebine çenli uzaýan türkmen terbiýeçilik medeniýetiniň hakyky nusgasy boldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Nowça Orazberdiýewa açdy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewe hormat bilen söz berildi. Sergide “Mähirli zenan” hususy kärhananyň esaslandyryjysy we direktory – Durdylyýewa Aýna, Türkmenistanyň At gazanan artisti. “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Ýazgül Annaýewa, Aşgabat gurluşyk orta hünär mekdebiniň mugallymy Dünýägözel Babagulyýewa.