2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sergi gurnady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalaryň dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. Ynha, şu gün 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 30-na Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we ýerasty baýlyklary” atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda ýurdumyzda gazylyp alynýan ýer asty baýlyklar bilen tanyş etdiler. Olaryň halk hojalygynda ähmiýeti we gazylyp alynýan ýerleri baradaky maglumatlar berildi.