Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Kämil hukuk binýady» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Kämil hukuk binýady» atly sergi gurnaldy. Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolan Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Baýramçylyk sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň jöwher paýhaslaryndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimizi wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezildi. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilik häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary bilen işlemek komitetiniň agzasy Çemen Rejepowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyrlar bölüminiň uly ylmy işgäri Sähra Ýusupowa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň bölümçe müdiri Gülaýym Saparmedowa gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ähmiýeti, onuň belent manysy, mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgular okadylar. Bu çykyşlar sergä gelen myhmanlarda, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.