"Hakyda ýazylan ýatlamalar"

Halkymyz ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr. Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen dostluk we goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýan ýurdumyzda, Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy üçin başyny goýan merdana gerçekleriň öňünde baş egýäris. Ýanýoldaşlaryny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlar, eneler we uýalar hiç haçan unudylmaz. Olar Beýik Ýeňşiň hatyrasyna jan aýaman tylda zähmet çekdiler. Gaýduwsyzlygyň, merdanalygyň beýik mekdebini döreden pederlerimiz bu günki bagtly döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, parahat ýaşaýşymyzyň binýadyny goýan hakyky watançylardyr. Garaşsyz watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin bolsa terbiýe mekdebidir. Beýik Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi gurnaldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açyp, Beýik Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol çykyşynda ýurdumyzyň Milli goşunynyň ösüşlere hem-de şöhrata beslenendigine, kuwwatly goşunymyzyň halkymyz bilen birdigine, islendik döwürde eziz Diýarymyzy gala bolup goramagyň kuwwatly binýadydygyny belledi. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylaryň halkymyzyň edermenlik mekdebiniň mynasyp dowamydygy barada gyzykly gürrüň berdi. Dabarada Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly leýtenanty Aýhan Durdykylyjow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, kapitan Myrat Sapargulyýew gatnaşdylar hem-de täsirli çykyş etdiler. Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watan, toprak mukaddesligi ýaly gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýar. Çünki Watan goragy mukaddesdir. Bu günki gün Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragy ygtybarly gollarda. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Milli goşunymyz asuda Watanymyzyň sarsmaz galasydyr.