Primary tabs
Submitted by museum on 09.12.2025
Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyň görkezdi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly üstünliklerine kanagatlanma bildirip, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýan döwletimiziň möhüm halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti has hem uly bolup durýar.
Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşmek bilen dünýäde parahatçylygy öňe sürýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň dekabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy – abadançylygyň ak ýoly» atly sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän gymmat baha daşlar bilen bezelen zergärçilik eserler sergide ýerleşdirildi. Ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan, döwrümizi wasp edýän şekilli halylar ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. «Arkadagyň eseri sen Aşgabat» atly şekilli halyda Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň gözel binalary şekillendirilipdir. «Merjen şäher Aşgabat», «Ak şäherim Aşgabat» atly nepis halylarda bolsa Köpetdagyň künjeginde ýerleşýän Aşgabadyň ak mermerli binalary, mukaddes Tugumyzy, parahatlyk simwolyny aňladýan gözel monumental binalary, Garaşsyzlyk binasynyň nusgalyk keşbi şekillendirilipdir. Şekilli halylar baýramçylyk serginiň görküni has hem artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary hem sergide ýerleşdirildi. Kitaplaryň many-mazmuny bilen tanyş bolan her bir raýat Bitarap Watanymyzyň at-abraýyna ýene bir gezek buýsanýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby esasynda milli gymmatlyklarymyz bilen sergä aýratyn orun berildi. Bu sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatynyň uludygyny görkezýär.
Sergini gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Taryhy ylmy barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Oguljemal Hojakgaýewa açdy. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýa Hojyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangözel Saparowa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan Şöhrat Gylyjow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowa çykyş etdiler.























