Primary tabs
Submitted by museum on 25.11.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilen 2025-nji ýylda hormatly Arkadagly gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyndan ugur alyp, Döwlet muzeýimiziň Türkmenistanyň taryhy we arheologiýasy, etnografiýasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň sergi bölümlerinde görkezilýän taryhy gymmatlyklarymyzyň, şekillendiriş sungatymyzyň üsti bilen ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek, olary watansöýüjilik we milli mirasa sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen “Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy” atly bäsleşigiň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 21-de jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy ýokary derejede geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa alyp bardy. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Baýramalyýewa hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge, ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly nesilleriň kemala gelmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýandygy barada nygtadylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň belende galmagynda alyp barýan belent maksatly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.



























