Primary tabs
Submitted by museum on 07.11.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň zähmetine döwletimiziň örän ýokary baha berýändigini aýdyň görkezýär. Oba hojalygyna we hasyl toýuna bagyşlanan sergi üç bölümden ybarat.
Serginiň birinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň ýüze çykyşyna we ösüşine, ýagny Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylygyň taryhyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda gadymy Jeýtun obalarynda ilkinji ekerançylygynyň ýüze çykmagy möhüm taryhy wakadyr. Gadymy ekerançylyk ýerlerinde tapylan owguçlar, soky we soky daşy, oraklar, hasyllylygyň nyşany bolan zenan heýkeljikleri ekspozisiýalaryň witrinalarynda görmek bolýar. Amerikan alymy R.Pampelli 1904-nji ýylda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirende ak bugdaýyň biziň eýýamymyzdan ozalky dördünji müňýyllyga degişli däneleri tapyldy. Hut şuňa görä-de türkmen topragy ak bugdaýyň watany hasaplanýar. Witrinada gymmatly eksponaty – Änewden tapylan ak bugdaýyň yzyny gipsde görmek bolýar.
Serginiň ikinji bölüminde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Fotosuratlar we suratkeşleriň çeken suratlary türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýärler. Altynbaş gallany, «ak altynly» meýdanlary, bakja ekinlerini, şeýle hem sahy türkmen topragynda ýetişdirilýän miweleri we gök önümleri beýan edýän haly-pannolar sergä aýratyn öwüşgin berýär. Sergide ak bugdaýyň desseleri we inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar bezeýär. Şu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweleri bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir.
Soňra Türkmenistanda oba hojalygyny XX asyryň 30-40-nji ýyllarynda ösdürmegiň taryhyna bagyşlanan eksponatlar hödürlenýär. Şol ýyllara degişli foto suratlarda pagta meýdany, pagta ýygýan zenanlar, ilkinji traktor, hasyl ýygnamagyň gyzgalaňly pursatlary, oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmeti beýan edilýär. Sergide türkmeniň ak öýi, türkmen halkynyň durmuşda ulanan gadymy esbaplaryny hem görmek bolýar.
Dabarada Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Serdar Sazakow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň aspiranty Gülnar Ýarbazowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Azat Annaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk önümleriň gaýtadan işlemek kafedrasynyň müdiri Ýazgeldi Saryýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň uly ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, «Bereketli Garagum» goraghanasynyň ylmy işgäri Abraý Omatow çykyş etdiler.



































