Türkmen halk amaly-haşam sungatynyň sergisi

2025-nji ýylyň 21-24-nji oktýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç we Daşkent şäherlerinde Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan sergi guraldy. Häzirki wagtda döwletimiz türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny öwrenmäge uly üns berýär. Gadymy sungat eserleri taryhyň üstüni ýetirýär, onuň belli bir döwrüni janlandyrýar. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köpugurlydyr. Bularyň arasynda haly dokamak, zergärçilik, dokmaçylyk, milli lybaslar we beýlekiler bar. Olar halkyň ýaşaýyş durmuşy we hojalygy barada gürrüň berýär. Sergide milli lybaslar, milli saz gurallary, düýe bezegleri we ata-babalardan miras galan halylar we haly önümleri görkezilýär. Sergide görkezilen halylar we haly önümleri gadymylygy we ajaýyp inçeligi bilen tapawutlanýar. Taryhy çeşmelere görä, gadymy döwürlerden bäri türkmen zenanlary halylaryna owadan we özboluşly nagyşlar döredip, ulanypdyrlar. Bu nagyşlar häzirki wagtda hem halylary bezeýär. Sergide şeýle hem türkmen halk amaly-haşam sungatyň esasy ugurlarynyň biri bolan türkmen milli şaý-sepleri görkezilýär. Türkmen şaý-sepleri gadymy döwürlerden bäri halkymyza tanadan özboluşly sungatlaryň biridir. Bu sungat asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, şu güne çenli saklanyp galypdyr. Türkmen halky gadymy halk. Onuň däp-dessurlary we milliligi özi ýaly gadymydyr. Asyrlaryň çuňlugyna kök uran milli sungatymyz saklanyp galdy we Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde oňa täze ömür berilýär. Ony sergide görkezilen häzirki zaman şaý-seplerinde we häzirki zaman ýüpek halylarynda görmek bolýar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleriniň, Aşgabadyň we Arkadag şäherleriniň gözel ýerleriniň foto suratlarynyň sergisi guraldy.