Primary tabs
      Submitted by museum on 23.10.2025    
  
  Türkmen alabaýynyň meşhur tohumyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň many-mazmunynyň örän köpdürlüdigi hem-de geriminiň giňdigi bilen bagly Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, itleriň bu tohumynyň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine ýardam edýän beýleki medeni çäreler her ýylyň oktýabr aýynyň soňke ýekşenbesinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne “Wepalylygyň nusgasy” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. 
Sergide Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy, türkmen alabaýlaryny wasp edýän zergärçilik eserleri synlamak bolýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimize sowgat berlen şekilli halylara sergide aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini alamatlandyrýar. Olarda alabaýyň çydamlylyk, ygtybarlylyk, gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri çeperçilik bilen beýan edilýär. Şekilli halylaryň arasynda “Awaza milli syýahatçylyk zolagynda” erkana gezip ýören türkmen alabaýynyň ajaýyp keşbi, türkmen alabaýlarynyň Garagum çölünde ak öýüni goraýan äheňde türkmen tebigatyny janlandyrylan şekilli halylary sergide synlamak bolýar. Mundan başga-da, Döwlet muzeýiniň gaznasynda aýawly saklanýan arheologlar tarapyndan gadymy taryhy ýerlerden tapylan b.e.öňki III-II müňýyllyga, orta asyrlar döwrüne degişli itleriň toýundan ýasalan heýkelleri sergide witrinalaryň içinde ýerleşdirildi. Türkmen alabaýlarynyň dürli görnüşde düşürilen wideo şekilleri we fotosuratlary serginiň has hem görküni artdyrdy. 
 	Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň uly ylmy işgäri Döwletmyrat Rejepow açdy we alyp bardy. Soňra ýurdumyzyň dürli ýerlerinde zähmet çekýän Türkmenistanyň at gazanan itşynaslary Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Mary welaýat merkeziniň başlygy Atamyrat Süleýmanow, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Daşoguz welaýat merkeziniň başlygy Haldurdy Goçow, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň uly leýtenanty  Serdar Batyrow, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gurbangözel Gulamowa,   Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň mugallymy Güljemal Jeňňelowa, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň mugallymy Akgül Baýlyýewa, Türkmenistanyň Döwlet serhet institutynyň 3 ýyl talyby Ilaman Satlykow      türkmen alabaýynyň asylly häsiýetleri hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler.    
   
 































