«Pederleriň hatyrasy – halkymyzyň hakydasy» atly sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Şöhratly taryhymyzyň dowamynda mukaddes topragymyz ugrunda şirin janyndan geçen batyrgaý türkmen ýigitleriniň sarpasyny hem-de ýer ýüzüniň iň elhenç ýowuzlygy bolan Aşgabat ýertitremesiniň ýitgisini ýiti duýan halkymyzyň öz mähribanlaryny hatyralamagy asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy – halkymyzyň hakydasy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlarymyzyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriň ýertitremede öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniň binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar ýerleşdirildi. Ýertitreme zerarly zeper ýeten Seýit Jemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergide görkezilýär. Gökdepe galasyndan söhbet açýan muzeý gymmatlyklary bu günki sergide öz beýanyny tapýar. Sergide goýlan şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda bu söweşde görkezilen edermenligi aýdyňlygy bilen duýmak bolýar. Sergi paýtagtymyzyň häzirki ak mermere bürenen gözel keşbini suratlandyrýan fotosuratlar bilen jemlenýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň uly ylmy işgäri Döwlet Rejepow açdy hem-de alyp bardy. Soňra Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, Taryh ylymlarynyň kandidaty Han-Durdy Gurbanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Şasenem Amadowa, Gökdepe milli muzeýiniň çeper-dikeldiş we medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Tawus Amanmyradowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça hünärmeni, maýor Kerim Myradow, Aşgabat şäheriň ýaşaýjysy, pensioner, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew çykyş etdiler.