Primary tabs
Submitted by museum on 20.06.2025
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olar gaýtadan, döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary we ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özenidir. Halkyň ruhy, asyrlaryň dowamynda has berkäp, sünnälenip, edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde aýdyň beýanyny tapýar. Medeniýetiň, sungatyň üsti bilen halk özüne akyl ýetirýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy» atly sergi gurnaldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň hala çitilen keşbi serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirilendir, şeýle-de XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri gülýaka, aý halka, bukaw, heýkel, dagdan, goşa asyk, üç goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» ýaly eserleri hem görkezilýär.
Serginde gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen ýaşyl, sary, ak çyrpylar ussat suratkeşlerimiz W.Maýkowskiniň «Tans», N.Beknazarowyň «Çyrpyly narlar», A.Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» ýaly eserler bilen utgaşdyrylyp görkezilýär.
Gadymy ýadygärliklerimizi wasp edýän G.Töräýewiň «Köneürgenç», G.Nurlyýewiň «Soltan Sanjar», «Şirkebir mаwzoleýi», «Mäne babanyň mowzeleýi» atly eserleri hem-de Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň «Rodoguna», «Tomiris» ýaly nakgaş eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän 72 saz gurallarynyň aýratyn bir bölegi bolan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz hem sergide görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň 1 derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gülşirin Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy Jumaberdi Artykow gatnaşdylar.
Darabada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.