Primary tabs
Submitted by museum on 11.06.2025
2025-nji ýylyň 6-njy iýuny güni Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň dowamynda tomaşaçylar türkmen halkynyň milli aýdym-sazlaryndan hem-de türkmen opera sungatyndan özboluşly lezzet aldylar. Bu gurnalan çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Pekin şäheriniň milli opera teatry bilen bilelikde guraldy.
Şeýle-de ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan foto sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň paýtagtynyň gözel ýerleriniň, Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň, taryhy ýadygärlikleriň we ol ýerlerden tapylan arheologiki gymmatlyklaryň, milli baýlyklarymyzyň fotosuratlary görkezildi.
Sergini görmäge ilçihanalaryň wekilleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Hytaý döwletinde okap ýören türkmen talyplary geldiler. Döwlet muzeýiniň hünärmeni fotosuratlaryň üsti bilen ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we milli däp-dessurlary barada gyzykly gürrüň berdi. Myhmanlar örän gyzyklanma bilen sergini synladylar.