Primary tabs
Submitted by museum on 30.05.2025
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem şu ýylyň 29-30-njy maýynda ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly iki günlük ylmy-usuly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary muzeýleriň halkara medeni gatnaşyklarynyň orny, muzeý gymmatlyklaryny toplamak, seljermek we kataloglaşdyrmak işleri, muzeýleriň geljegi: sanly giňişlikdäki sergiler we 3D ekspozisiýalar, milli gymmatlyklary wagyz etmekde sergileriň orny we jemgyýetçilik täsiri, muzeý we jemgyýet: ilat bilen gatnaşygy güýçlendirmegiň ýollary, muzeýler – halk döredijilik mirasynyň goragçysy we wagyzçysy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň ähmiýeti, Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany atly dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Döwlet muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň tejribeli hünärmenleriniň muzeý işinde sanly ulgam, muzeýlerde internet ulgamyny peýdalanmagyň usullary, kompýuter sowatlylygy, muzeý gymmatlyklaryny elektron görnüşine geçirmek barada ylmy-usuly okuw sapaklary giňişleýin esasda sorag-jogaplar we şekilli görnüşler arkaly alnyp baryldy.
Ylmy-usuly okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Maýagözel Çaryýarowa, Daşoguz şäher Bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Parahat Durdygylyjow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy usulyýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa çykyş etdiler.
Maslahatyň ikinji gününde gymmatlyklary çeper rejelemek we dikeltmek boýunça tejribe okuwy we ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagynyň dowamynda dürli görnüşli keramika önümlerini, surat eserlerini, kitaplary we mata önümlerini rejelemegiň aýratynlyklary barada maglumat berildi. Muzeý hünärmenleri Döwlet muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan gymmatlyklaryň rejeleniş aýratynlyklary baradaky ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen ylmy-usuly okuw maslahaty ýurdumyzyň ähli muzeý hünärmenlerini bir ojaga jemlemek bilen özara tejribe alyşmakda we taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmekde geljekki üstünliklere itergi berýän deslapky ädim boldy.