Primary tabs
Submitted by museum on 22.05.2025
Aşgabat şäheri – bu bir sungat eseri. Sebäbi paýtagta seredeniňde, türkmen halkynyň ähli gymmatlyklaryny, sungat äleminiň genji-hazynasyny, halkymyzyň millilikden gaýdýan ajaýyp keşbini görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Ak şäherimiz Aşgabat şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde täze gurulýan toplumlaýyn binalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bitirilýän beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2025-nji ýylyň 22-nji maýynda “Ýüregisiň ýurdumyň, ak şäherim Aşgabat” atly sergi açyldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň we seýilgähleriň suratlaryny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren kitaplaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine serginiň görnükli ýerinde orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna “Binagärçilik we gurluşyk” žurnalynyň redaktory Atamyrat Şagulyýew, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Gyzylgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň At gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Azady Myradow gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.