Primary tabs
Submitted by museum on 12.05.2025
Döwlet muzeýi «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşyjylary garşy aldy
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna we «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Olar muzeýiň taryhy we arheologiýa ekspozisiýasy bilen içgin gyzyklanyp, gadymy ýadygärliklerden tapylan taryhy gymmatlyklary synlap, esasan hem Köne Nusaýdan tapylan ritonlar, durmuşdan dört pursady açyp görkezýän Merw küýzesinindäki şekiller, haly we haly önümleri myhmanlarda has uly täsir galdyrdy. Muzeýiň hünärmenleri myhmanlara dürli dillerde ekskursiýa berdiler.