Milli senediň nusgalary

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we halka ýetirmek muzeý işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznalarynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnaýarlar. Talyplary milli mirasymyz bilen has ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen 2025-nji ýylyň 5-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehaniki-tehnologiýa orta-hünär mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen halkynyň halylary we haly önümleri, milli egin-eşikleri, durmuş esbaplary görkezildi. Muzeý gymmatlyklaryny talyp ýaşlaryň görmäge gelmekleri, ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza uly gyzyklanma döretmegi we olaryň ruhy dünýäsiniň kämil bolmagyna täsir etmegi bizi buýsandyrýar. Orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklarynyň arasynda özlerini gyzyklandyrýan birnäçe maglumatlar bilen tanyşdylar. Serginiň barşynda orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary milli miras hakyndaky öwrenen gyzykly maglumatlary üçin muzeý hünärmenlerine minnetdarlygyny bildirdiler.