Primary tabs
Submitted by museum on 05.05.2025
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda abadançylygyň, parahatçylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan ata Watanymyz, merdana halkymyzyň yhlasy we tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde taryhy wakalara beslenýär.
Şu ýyl 1941–1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagyna 80 ýyl dolýar. Türkmen ýigitleri doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egine berip, Ýer ýüzünde ynsanyň asuda asmanda, parahat durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna Watan goragyna gitdiler hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Biziň atalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Pederlerimiziň edermenligi – görelde mekdebi» atly sergi gurnaldy. Serginiň girişi Hormatly Prezidentimiziň portreti, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri bilen açylyp, Garaşsyzlyk döwrümizi wasp edýän zergärçilik eserleri bilen dowam etdi. Sergide Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby eşigi, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary görkezilýär. 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gerçeklerimiziň fotоsuratlary Watany goramagyň belent nusgasy hökmünde sergini görmäge gelenlerde uly täsir galdyrdy.
Sergide belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretler, söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallar, frontdan gelen üçburçly hatlar, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy dokumentleri görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Dabara Beýik Watançylyk urşunda tylda zähmet çeken hormatly ýaşuly, pensioner Gurbandurdy Annadurdyýew, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Gündogdy Aýmämmedow gatnaşdylar hem-de täsirli çykyş etdiler.