Primary tabs
Submitted by museum on 19.04.2025
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew sarpasy belentde» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan Türkmenistanyň halk suratkeşleri tarapyndan döredilen bedew atlary beýan edýän surat eserleri görkezilýär. Ata-babalarymyzyň at üstüni şa tagtyndan eý görüpdirler, bedewini hormatlap, ony altyn-kümüş bilen, haly önümleri bilen bezäpdirler. Bu ýerde ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary bilen birkemsiz bezelen keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. Şeýle hem ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary bolan eýer, üzeňňi, gamçylar, uýan toplumy, serkeç we nal, bezeg şaýlaryndan göwüsbent, gözlük, maňlaýlyk, boýunlyk, doga bagy hem sergide öz beýanyny tapýar. Halydan dokalan we seçekler bilen bezelen at ýapynjalary, at köýnekçesi, at içirgisi, eýerlik, at torbalary, horjunlary, keçe önümlerinden derlik, at keçeleriniň görkezilmegi sergini has-da baýlaşdyrýar. Bu ýerde ussat zergärlermiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp etýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi” bölüminiň uly ylmy işgäri Jahan Nazarowa açdy. Sergide “Behişdi ahal-teke atlary” hem-de “Türkmenistanyň nusgalyk alabaýy” atly žurnallarynyň baş redaktory Narly Nurlyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy hem-de Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Azat Annaýew, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň “Ekerançylyk önümleri gaýtadan işlemek” kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgeldi Saryýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy Gülşat Pirjanowa, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Jennet Seýdiýewa we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri hem-de Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Gülşat Meredowa.