Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 11-nji aprel güni Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda tomaşaçylar türkmen halkynyň milli aýdym-sazlaryndan hem-de tanslaryndan özboluşly lezzet aldylar. Bu gurnalan çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Şensi welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk edarasy bilelikde gurady. Şeýle-de ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine degişli bolan şäherimiziň gözel ýerleri, Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, taryhy ýadygärlikleri we ol ýerlerden tapylan gymmatlyklary, milli baýlyklarymyzy wasp edýän fotosuratlaryň sergisi guraldy. Sergini görmäne Şensi welaýatynyň häkiminiň orunbasary Sýuý Minfeýe we ýanyndaky gelen wekiliýetine, şeýle-de Hytaý döwletinde okap ýören türkmen talyplaryna Döwlet muzeýiniň baş hünärmeni S.Myradowa gyzykly gürrüň berdi.