V Açyk halkara matemetika olimpiadasyna gatnaşyjylar Döwlet muzeýini aýlanyp gördüler

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitinde daşary ýurt döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara matemetika olimpiadasy geçirilýär. 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde daşary ýurt döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň hünärmenleri daşary ýurt dillerinde ýurdumyzyň baý taryhyny we dürli döwürlerde tapylan gymmatlyklary barada gürrüň berdiler. Daşary ýurtly talyplar muzeýiň özlerinde ýatdan çykmajak uly täsir galdyrandygyny aýtdylar.