Primary tabs
Submitted by museum on 19.03.2025
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17-ýyllygy mynasybetli ýurdumyza birnäçe döwletlerden telekeçileriň, işewür adamlaryň gatnaşmagynda forum geçirildi hem-de sergi guraldy.
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretary Dmitri Kerkentzesiň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Myhmanlar Türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklanylýan muzeýiň taryhy ekspozisiýasyna aýlanyp, arheologiýa ýadygärlikleri we ol ýerlerden tapylan taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Myhmanlar Döwlet muzeýiniň ajaýyp binasyna, içiniň bezeg aýratynlyklaryna, türkmen halkynyň baý hem-de gadymy taryhyna, tapylan gymmatlyklara ýokary baha berip özleriniň hoşamaý sözlerini aýtdylar.