Primary tabs
Submitted by museum on 14.03.2025
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we halka ýetirmek muzeý işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdymyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnaýarlar.
2025-nji ýylyň 10-15-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” atly sergi gurnaldy. Orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklarda özlerini gyzyklandyrýan birnäçe maglumatlar bilen tanyşdylar. Sergide milli egin-eşiklerden, donlar, keteni köýnekler, kürtelerdir düýpli gyňaçlar, milli ak öýlerimiziň bezegi bolan haly we haly önümlerinden torbalar, çuwallar, horjunlar, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, durmuş esbaplary şeýle-de güldanlar görkezilýär. Muzeý gymmatlyklaryny talyp ýaşlaryň görmäge gelmekleri ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza uly gyzyklanma döretmegi we olaryň ruhy dünýäsiniň kämil bolmagyna tasir etmegi bizi buýsandyrýar.