2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Guşlar dünýäsi” atly bäsleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Guşlar dünýäsi” atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki 68-nji orta mekdebinden 37 sany okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, Tebigat we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasyndaky Türkmenistanda duş gelýän guşlar bilen tanyşdyryldy we ekskursiýa berildi. Ekskursiýa esasynda ýumuş taýýarlanyp, ýazmaça test alyndy. Bäsleşikde 37 okuwçynyň arasynda tapawtlanan 7 sany okuwçy ýeňiş gazandy we ikinji tapgyra geçirildi.