«Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly sergi gurnaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana söýgi, geçmişiňe buýsanç, şu günüňe guwanç, geljegiňe ynam şanly taryhy geçmişden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin her bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini – milli buýsanjyny çuňňur bilmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, türkmen halkynyň milli mirasyny ýaşlara wagyz etmekde orta we ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary, okuw sapaklary geçirmeklik muzeý işgärleriniň bu günki günde esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnalýar. Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bu halkymyzyň, esasan hem ýaşlaryň ýüreginde uly joşgun döretdi. Şeýle-de Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsiniň, sarpasynyň subutnamasydyr. 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly sergi gurnaldy. Bu orta hünär okuw mekdebiniň talyplary muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan düzülen sergide özlerini gyzyklandyrýan birnäçe maglumatlar bilen tanyşdylar. Sergide bedew atlaryň keşbi şekillendirilen halylar, horjunlar, at eýerligi, at torbasy, keçeden taýýarlanylan at köýnekçesi, at içirgisi, serkeji, gamçysy, atyň heýkelleri, at bezeg şaý-sepleri bolan göwüsbendi, boýunlygy, uýan toplumy şeýle-de türkmeniň milli saz gurallary görkezilýär. Muzeý gymmatlyklaryny talyp ýaşlaryň köpçülikleýin görmäge gelmekleri ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza uly gyzyklanma döredýändigi bizi buýsandyrýar.