Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ähli ugurlarda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň taryhyny işjeň öwrenmek, onuň maddy we ruhy baýlygyny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklaýan Türkmenistanyň muzeýleri bu ugur boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilmeginde wajyp orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykdan öň myhmanlar ilki Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýlerine aýlanyp gördüler. Myhmanlar Türkmenistanyň taryhy we arheologiýasy bilen içgin gyzyklandylar. Esasan-da Köne Nusaýdan tapylan ritonlar we Merw küýzesiniň daşyna çekilen sahna suraty olarda örän uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda, ýurdumyzda alnyp barylýan döwletara duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi, muzeýleriň işiniň hem halkara derejesinde ilerlemeginde özüniň oňyn netijesini berer.