2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Guşlar dünýäsi” atly Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebinde göçme sergi gurnady

Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriniň okuwçylaryň arasynda guşlar bilen bagly test görnüşinde bäsleşik geçirýär. 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebinde göçme sergi gurnady. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň gäpleri (18 görnüşi) we suratlary (14 görnüş) sergilendi. Muzeýiň ylmy işgärleri okuwçylara guşlar barada gyzykly maglumatlar aýdyp berdiler we şonuň esasynda test görnüşinde bäsleşik geçirdiler. Geçirlen bäsleşikde 20 sany okuwçy ýeňiş gazandy. Olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalyndaky guşlar bilen tanyş bolarlar we 2-nji tapgyra degişli testler hödürlener.