Primary tabs
Submitted by museum on 17.02.2025
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy-usulyýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa alyp bardy. Şeýle hem söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiriniň orunbasary Goçmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wagyzçysy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Patşaguly Garaýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Çaryýewa gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyzyň 30 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjelerdigi barada hem çykyşlarda aýdylyp geçildi.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň isleg-arzuwlary, teklipleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy göz öňünde tutulyp, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň karary taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýylyň ady hem-de nyşany baradaky teklibi goldap, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna aýratyn üns bermek bilen, bu goşgynyň çuňňur many-mazmuny barada hem giňişleýin durup geçdiler. «Tegelek stoluň» başynda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny dabaraly garşylamakda alnyp barylýan işler dogrusynda hem söhbetdeşlik edildi.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň şeýle abadan we parahat durmuşda ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.