Primary tabs
Submitted by museum on 23.01.2025
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, Ýaragly Güýçlerimiz goranyş häsiýetli Milli goşuna öwrüldi. Pederlerimiziň pedagogik mirasy, harby sungaty, gahrymançylykly söweş ýoly, ata Watanymyzyň merdana harby gullukçylaryna öz gulluk borçlaryna bolan söýgüsini artdyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň goragynda berk durýan her bir harby serkerde we esger ata Watanymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrýar, abadan durmuşymyzy, erkana zähmetimizi üpjün edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Abadan Diýaryň goragynda» atly sergi guraldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, türkmen esgeriniň parahat, asuda, abadan Watanymyzy goramakdaky mynasyp orny barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdi. Soňra «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçysy serkerde, uly leýtenant Agamämmet Toýlyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň Jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça hünärmeni, maýor Kerim Myradow Milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň, söweşjeň kuwwatynyň we ýeten belent derejesiniň tutýan orny barada çykyş etdiler. Olar harby kasama hem-de harby borja wepalylygyň jogapkärçiligi hem-de uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmagyň hormatynyň uludygyny bellediler. Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirlen harby mekdebiniň harby gullukçysy, maýor Nabat Nurgeldiýewa ýurdumyzda milli mirasymyza sarpa goýýan, mähriban Watanymyzy janyndan eziz görüp, halkymyzyň parahat durmuşyny, asudalygyny goraýan milli ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem iň bir üns berilýän möhüm meseledigi barada çykyş etdi. Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Şyhberdi Ataýew, hormatly Prezidentimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň, ýaşlar baradaky aladasynyň mynasyp beýanyny tapýandygyny aýdyp, döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.